Türkmenistanda Ýeňiş gününiň dabaralary geçirildi

23:2009.05.2019
0
13894

Şu gün ýurdumyzda şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde entek baýramçylyga çenli XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşen weteranlary, mukaddes borjuny mynasyp berjaý edip, ojaklaryna dolanyp gelenleri, şeýle hem tylda zähmet çekenleri, wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlaryny sylaglamak çäreleri başlandy. Ir bilen paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň ýanynda adamlaryň köp sanlysy ýygnandy. Türkmen halkynyň harby däplerini, edermen ata-babalarymyzyň watançylyk wesýetlerini miras alan ýaş esgerler hormat garawulynda durlar. Ýygnananlaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, din wekilleri, il sylagly ýaşulular we ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bar.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» ýadygärliginiň etegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gül sebedi goýulýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, zähmetkeş toparlarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ýadygärlige gül desselerini goýdular. Weteranlar biziň hemişe ýatlap, sarpa goýýan taryhymyzy özünde saklaýan ýurdumyza, hormatly Prezidentimize, asuda döwürde ýaşaýan we öňlerinde ajaýyp mümkinçilikler açylan ýaş nesillere tüýs ýürekden buýsanýarlar, çünki, olar agyr düşen beýik Ýeňşi şu bagtly durmuş üçin gazandylar.

Urşa gatnaşan weteranlar bu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde guralan baýramçylyk konsertiniň hormatly myhmanlary boldular, bu ýerde harby gullukçylaryň döredijilik toparlary watançylyk aýdymlaryny we edebi-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk dabaralary bu gün tutuş ýurdumyzda bellenildi. Şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary Watanymyzyň edermen goragçylaryna baş egmek bilen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan milli Gahrymanlarymyzyň hormatyna dikeldilen ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň