Daşoguz şäheriniň «Nowruz» şäherçesinde harby gullukçylar üçin täze ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi

19:0009.05.2019
0
5660

Daşoguz şäheriniň «Nowruz» şäherçesinde harby gullukçylar üçin täze ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi. Welaýatyň ýerli telekeçileri tarapyndan gurlan dört gatly, 16 maşgala niýetlenen bu jaýyň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançasy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen sport meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr. Täze jaýyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli guralan toý dabaralaryny şäheriň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazlary, ajaýyp tans çykyşlary bilen bezediler. 
    Täze jaýdan paýly harby gullukçylar döredilýän şertler üçin çäksiz alkyş aýdýarlar. Muňa Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan Serdar Täçdurdyýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda hem ýene bir ýola şaýat bolduk. Ol şeýle diýdi: 
    — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzyň häzirki toýly günlerinde maşgalamyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly waka boldy. ªäheriň «Nowruz» şäherçesinde gurlan, durmuş-ýaşaýyş şertleriniň iň kämil derejesi üpjün edilen täze jaýdan öý almak bagty miýesser etdi. Agzybir maşgalamyz bilen tutýan jaý toýumyz Beýik Ýeňşiň 74 ýyllyk baýramy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramlarynyň toý dabaralaryna utgaşyp, buýsanjymyzy goşalandyrdy. 
    Halk bähbitli ak binanyň gurluşygyna öz goşandyny goşan «Rysgally zähmet» hususy kärhanasynyň işçisi Anwar Allamow bolsa açylyş dabarasynda öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: 
    — «Welaýatyň çäginde gulluk edýän harby gullukçylara niýetlenen täze jaýyň gurluşygynda sebitde adygan hususy kärhanalaryň birnäçesi bilelikde zähmet çekdi. Biziň «Rysgally zähmet» hususy kärhanamyzyň işçileri bolsa jaýyň diwarlaryny galdyrmak, içki we daşky bezeglerini ýerine ýetirmek işlerini alyp bardylar».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň