Archive news

Türkmenistanyň futbol boýunça U-19 ýygyndysy Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna gatnaşar

16:1309.05.2019
0
4214
Türkmenistanyň futbol boýunça U-19 ýygyndysy Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna gatnaşar

Şu gün Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda 19 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry üçin bije çekilşik geçirildi. Oňa görä, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň “B” toparçada ýaryşjakdygy mälim boldy. Ildeşlerimiziň toparçadaky bäsdeşleri Kataryň, Ýemeniň we Şri-Lankanyň ýaşlar ýygyndylary bolar.”B” toparçanyň duşuşyklaryny 2 – 10-njy noýabr aralygynda Doha şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Umuman, yklym ýaryşynyň saýlama tapgyryna 46 ýygyndy gatnaşar. Laryň 25-si Günbatar, galan 21-si Gündogar bölekde ýaryşar. Saýlama tapgyryň ýaryşlary 11 toparçada geçiriler.

Saýlama tapgyryň netijesinde jemleýji ýaryşa gatnaşmaga ähli toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelän iň gowy 4 topar hukuk gazanar. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy yklym ýaryşynyň saýlama tapgyryna Aziz Kambarowyň ýolbaşçylygynda taýýarlanýar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň