Soňky habarlar

Arhiw

Sanly ölçeg enjamlaryny öndürýän «Takyk tilsimatlar» HJ önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmagy maksat edinýär

10:4509.05.2019
0
6506

«Takyk tilsimatlar» kompaniýasy ýurtda senagat hajatlary üçin sanly ölçeg enjamlaryny çykarýan ýeke-täk kärhanadyr. Ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň netijesi boýunça bu telekeçilik düzümi innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňdebarjy gurama diýlip ykrar edildi. Bu hususy kärhananyň takyklygy ýokary enjamlaryny “Himiýa Senagat”, “Ak Toprak” kärhanalary, Türkmenbaşy dokma toplumy we beýleki kärhanalar satyn aldylar. Bu barada "Altyn asyr: Türkmenistan" elektron gazeti habar berýär.

Telekeçiler Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda demri plazma usulynda kesýän enjam we egreldiji gidrawlik press, şeýle hem gazyň dürli görnüşlerinde işleýän kebşirleýji enjam bilen üpjün edilen şeh açdylar. Mundan başga-da, hojalyk jemgyýeti ESIT türk kompaniýasy bilen tenzometrik datçikleri we sanly indikatorlary almaga uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Kärhananyň direktory Bäşgeldi Meredowyň aýtmagyna görä, «Takyk tilsimatlar» hojalyk jemgyýeti 15 kilogramdan 150 müň kilograma çenli ýüki çekýän innowasion ölçeg serişdeleriniň önümçiligni özleşdirdi.

Önümleriň görnüşleri müşderileriň talaplaryna görä kämilleşdirilýär. Olaryň arasynda platforma, awtomobil, wagon terezileriň, şeýle hem öý haýwanlarynyň agramyny çekýän terezileriň ähli görnüşi bar. Bu köpugurly displeýli enjamlar çig mala we önümiň ýüklenişine gözegçiligi üpjün etmäge mümkinçilik berýär, şeýle hem awtomobilleriň we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň tigirlerine hem-de okuna düşýän ýüki göz öňünde tutmaga ukyplydyr. Senagat elektron terezileriň takyklygy we oňaýlylygy olaryň mehaniki görnüşlerinden onlarça esse ýokarydyr.

Kompaniýanyň hünärmenleri “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bilen bilelikde terezileri synagdan geçirdiler, olaryň netijesi boýunça HJ-nyň önümi we komplektleýji esbaplary Türkmenistanyň ölçeg serişdeleriniň döwlet sanawyna girizildi we TDS ölçegleri boýunça sertifikatlaşdyryldy.

Kärhanada takyklygy ýokary ölçeg serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmagy we olary eksport etmegi göz öňünde tutýarlar. Şol bir wagtyň özünde «Takyk tilsimatlar» HJ müşderilere kärhanada öndürilen, şeýle hem beýleki öndürijileriň terezilerine hyzmat etmegi teklip edýär. Munuň üçin olara dessin hyzmat etmek üçin göçme topar döredildi.

Mundan başga-da, telekeçiler takyklygy ýokary detallaryň we enjam bölekleriniň önümçilgini, materiallaryň giň görnüşini – takyklygy has ýokary polat we alýumin splawlaryny işlemegi, şeýle hem demir gurnamalary—rezerwuarlary, angarlary we beýlekileri ýygnamagy ýola goýmagy niýet edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň