Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan tegelek stoluň başyndaky maslahaty geçirdi

10:1608.05.2019
0
3492

7-nji maýda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharestiň Ykdysady ylymlar akademiýasy bilen bilelikde bu ýokary okuw jaýynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan “Hazar deňzi sebitindäki häzirki ykdysady wehimler we mümkinçilikler – türkmen tejribesi” atly tegelek stol gurnady = diýip Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.  

Bu çärä Akademiýanyň ýolbaşçylary, halkara işewürlik we ykdysadyýet fakultetiniň hem-de beýleki fakultetleriň professorlary hem-de bu ýokary okuw jaýynda okaýan türkmen, rumyn we daşary ýurt talyplary gatnaşdylar.

Tegelek stola gatnaşyjylara geçiriljek Hazar ykdysady forumy hakynda we Türkmenistanyň sosial-ykdysady kuwwaty barada maglumat berildi.

Tegelek stoluň ahyrynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ösüş mümkinçilikleri baradaky meseleler boýunça pikir alşyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň