Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

17:4107.05.2019
0
8327

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary — stats-sekretary Grigoriý Karasini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary hem-de geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň eýe bolan uly mümkinçiliklerini iş ýüzünde amala aşyrmaga, netijeli işewür gatnaşyklaryny ösdürmäge, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga hem-de onuň sanawyny giňeltmäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam edýän bilelikdäki hökümetara toparyň işine ähmiýetli orun berilýär.

Şeýle hem söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, senagat, obasenagat toplumy hem-de oba hojalyk tehnikalaryny getirmek, gurluşyk, işewür düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklar, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Iki ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, sport, saglygy goraýyş, şeýle hem syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňat şertler bar.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy — bilelikdäki hökümetara toparyň rus tarapyndan başlygy milli Liderimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine berýän ünsi hem-de toparyň mejlisini Aşgabatda geçirmek üçin döredilen şertler babatda tüýs ýürekden hoşallygyny aýtdy, şeýle hem ähli türkmenistanlylara, ozaly bilen, uruş weteranlaryna 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.

Konstantin Çuýçenkonyň belleýşi ýaly, russiýaly hyzmatdaşlar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de onuň görkezijilerini artdyrmak üçin ähli tagallalary ederler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhmanlar türkmen-rus gatnaşyklarynyň öňden gelýän dostlugyň we hyzmatdaşlygyň baý tejribesine daýanmak arkaly geljekde-de täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna hem-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň