Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasy işjeň hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

17:1807.05.2019
0
5426

7-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň gyrgyz böleginiň başlygy Žyrgalbek Sagynbaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özarahereketleri giňeltmegiň mümkinçiligi bilen birlikde derwaýys meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle hem haryt dolanşygynyň göwrümini artdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň netijeli ähmiýetine üns bermek bilen, iki ýurduň wekilleri döwletleriň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň