Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen talyplary Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň 6-njy matematika bäsleşiginde 20-ä golaý medal gazandylar

10:3906.05.2019
0
3576

Şu ýylyň 27 — 29-njy apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Maglumat tehnologiýalar, mehanika we optika Milli barlag uniwersitetiniň guramagynda Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň 6-njy matematika bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige 9 ýurtdan talyp ýaşlaryň 200-e golaýy gatnaşdy. Bu abraýly bäsleşikde ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň toparyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Nurmuhammet Gurbanmämmedow we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň takyk we tebigy ylymlar kafedrasynyň mugallymy Pirmyrat Gurbanow ýolbaşçylyk etdiler.

Dartgynly hem-de gyzykly geçen bäsleşikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Perman Iljanow, Döwlet Rozyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Murat Çaşemow, Döwran Nurgeldiýew, Ramazan Bahtiýarow, Murat Sapaýew birinji orna, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Akmyrat Tirkeşow, Jemagat hojalygy institutynyň talyby Amannazar Welmyradow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny talyby Göwher Şükürowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Şahlo Hasanowa, Muhammetbahram Orazow, Magtymguly adyndaky TDUnyň talyplary Hamidbek Hajiýew, Seýitmuhammet Şamyradow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Resulberdi Annamuhammedow, Myrat Amandurdyýew, Döwlet energetika institutynyň talyby Mekan Hojaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Jepbar Asgarow ikinji orna, şeýle-de Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Ahun Atajanow, Döwlet energetika institutynyň talyby Begenç Muhammetgeldiýew üçünji orna eýe boldular.
Ýaşlarymyzyň dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde gowy netije gazanýandygy türkmen ylmynyň röwşen geljegine bolan ynamy has-da berkidýär. Bu gezekki ders bäsleşigine gatnaşan talyplar az wagtyň dowamynda 7 sany çylşyrymly meseläni ýekelikde çözmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Netijede ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 6-sy birinji orna, 11 talyp ikinji, 2-si bolsa üçünji orna mynasyp bolup, ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyna öz mynasyp goşantlaryny goşdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň