Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly MInistrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

01:5703.05.2019
0
10673

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ykdysadyýetimiziň pudaklarynda dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşyna, şeýle hem türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatyň käbir meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň degişli döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň dört aýlyk meýilnamasy 103,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 110,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105,3 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 122,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 112,6 göterim ýerine ýetirildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi, wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda geçirilen işleriň netijeleri hem-de sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşy barada hasabat berdi. Tutuş oba senagat toplumy boýunça önümleri öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüşi 107,4 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 107,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 106,6 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,4 göterime ýetirildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 149,9 göterim berjaý edildi.

Şu günler welaýatlarda gowaça ekişini üstünlikli tamamlamak üçin ähli zerur çäreler görülýär. Şol bir wagtda gögeriş alnan meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda hatarara bejergi işleri geçirilýär.

Şonuň bilen birlikde, güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri dowam etdirilýär, şol sanda ösüş suwy tutulýar. Galla orujy kombaýnlary, awtoulaglary, kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýarlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe senagat hem-de kommunikasiýa toplumynyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary önüm öndürmegiň hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny 112,4 göterim ýerine ýetirdiler. Şunda 117,5 göterim ösüş gazanyldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüşi 141,7 göterime barabar boldy. Şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginiň görkezijisi 101,3 göterim, nah matalary öndürmegiň görkezijisi bolsa 102,1 göterime deň boldy. Çig ýüpek öndürmekde 109,2 göterim ösüş gazanyldy. Tikin we örme önümleriniň ösüşi 138,4 göterime deň boldy.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça önüm öndürmegiň ösüşi 138,6 göterime barabar boldy. Bu görkeziji azot dökünleriniň önümçiliginde 121,6 göterime deň boldy. Kaliý dökünlerini öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim, tehniki ýoduň önümçiliginiň meýilnamasy bolsa 114,5 göterim ýerine ýetirildi.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň we önüm öndürmegiň ösüş depgini 108,9 göterime deň boldy. Gurnama demirbeton önümlerini öndürmekde ösüş 101,9 göterime, aýna önümleriniňki bolsa 101,7 göterime deň boldy.

«Türkmensenagat» agentliginde ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 106,7 göterime deň boldy.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginde ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 113,1 göterime, «Türkmendemirýollary» agentliginde 100,6 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentliginde 116,9 göterime barabar boldy.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 157 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa 106,8 göterime deň boldy. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda ösüş, degişlilikde, 107,8 göterim hem-de 101,2 göterim derejesinde üpjün edildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow geçen dört aýyň dowamynda ýurdumyzyň gurluşyk, energetika ulgamlary we Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça hasabat döwründe meýilnama 106,7 göterim ýerine ýetirildi hem-de 106,1 göterim ösüş gazanyldy.

Ýanwar — aprel aýlarynda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň önümçilik meýilnamasy 100,8 göterim berjaý edilip, 105 göterim ösüş üpjün edildi.

Energetika ministrligi boýunça önümçiligiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda ulgamynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 2019-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň möçberi 17,9 göterim artdy. Şunda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 15,8 göterim, lomaý söwdanyň möçberi bolsa 19,5 göterim ýokarlandy. Kärhanalarda öndürilen önümleriň möçberi 8,7 göterim artdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu döwürde birža söwdalarynyň 82-si geçirilip, 9 müň 384 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 22,8 göterim köpeldi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 8,6 göterim ýokarlandy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda senagat önümleriniň möçberi 28,3 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 4,6 göterim artdy.

Telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldawyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynda şu ýylyň dört aýynda eksportyň möçberi, hususan-da, azyk harytlarynyň eksporty 16,2 göterim, senagat önümleriniňki bolsa 9,2 göterim ýokarlandy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işler barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda bellenen çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, dürli medeni çäreler, sergiler, döredijilik duşuşyklary we bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar guraldy.

Medeniýet ulgamynyň işgärleri daşary döwletlerde iş saparlarynda bolup, halkara çärelere gatnaşdylar. Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde ýurdumyzda birnäçe döredijilik çäreleri guraldy. Paýtagtymyzda we Mary şäherinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri geçirildi.

GFR-iň Mangeým şäherinde «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologiýa sergisi dowam edýär.

Ministrligiň we medeniýet ulgamynyň edaralarynyň internet saýtlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň netijeliligi, Türkmenistanda gazanylan ýokary sepgitler, ýurdumyzyň medeni durmuşy, syýahatçylyk ugurlary, taryhy ýadygärlikleri hakynda maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär, ýurdumyzyň saglygy dikeldiş kuwwaty giňden wagyz edilýär.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti boýunça ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 128 göterime deň boldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 123 görnüşi çap edildi, neşirýat harytlaryny öndürmek boýunça meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi. «Galkynyş» kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny kitap önümleriniň 25 müň nusgalygy bilen üpjün etdi.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi filmleriň birnäçesini surata düşürdi. Hasabatyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dürli ulgamlarda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini beýan etmek babatynda alyp barýan işleri hakynda hem habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän düzümlerinde 2019-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bilim ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde onuň maddy-enjamlaýyn we usulyýet binýady berkidilýär, okuw maksatnamalary we okatmagyň 12 ýyllyk meýilnamasy kämilleşdirilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar.

Hasabat döwründe şu ýylyň dowamynda neşir edilmegi meýilleşdirilen okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 200 görnüşinden 58-si çap edildi.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerde we taslama olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, 83 medala eýe boldular. Talyp ýaşlarymyz bolsa dürli derejeli medallaryň 15-sini eýelemegi başardylar. Şeýle hem ýurdumyzyň umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýanlar halkara internet olimpiadalaryna gatnaşyp, degişlilikde, 19 we 61 medallara, diplomlara mynasyp boldular.

Hasabat döwründe bilim ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde 13 resminama gol çekildi. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça degişli çäreler amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň ylym ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn işler ýerine ýetirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edildi. Maslahatyň dowamynda ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça ýetilen sepgitler üçin Türkmenistana Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörite güwänamasy gowşuryldy.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 122 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden alnan girdeji 120 göterim, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji bolsa 121 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 55-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 30-sy geçirildi. Ýurdumyzyň talyplary halkara bäsleşikleriniň 55-sine, şol sanda dünýä çempionatlarynyň 7-sine, Aziýa çempionatlarynyň 14-sine, halkara bäsleşikleriň 34-sine gatnaşyp, jemi 106 medal eýelediler. Şolaryň 32-si altyn, 34-si kümüş we 40-sy bürünç medallardyr.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ykdysadyýetiň esaslary boýunça ýörite okuwlary guramak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şu ýylyň dört aýynda DIM-de ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara hem-de sebitara guramalaryň çäklerinde dostluk we işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki saparlara möhüm orun degişli bolup durýar. Şu ýylyň 20 — 21-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary boldy. 17 — 19-njy martda bolsa Bahreýniň Patyşasy ýurdumyza döwlet sapary bilen geldi. Şeýle hem 16 — 18-nji aprel aralygynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Mundan başga-da, 27 — 28-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyzda iş saparynda boldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara boljak saparlaryna we beýleki döwletleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza guraljak saparlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär.

Mundan başga-da, ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistanda ÝHHG-niň Baş sekretary, Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary, Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary iş sapary bilen boldy. Şeýle hem beýleki abraýly halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleriniň ýurdumyza saparlary guraldy.

Hasabatyň dowamynda şu döwürde DIM-niň üsti bilen Türkmenistana dürli derejedäki daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň 150-si geldi. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlara ýurdumyzdan 216 wekiliýet ugradyldy. Maslahatlaryň we duşuşyklaryň hem-de beýleki çäreleriň 86-sy geçirildi. Halkara resminamalaryň 89-syna gol çekildi.

Daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki geňeşmeler yzygiderli alnyp barylýar. Şu ýylyň dowamynda degişli ugur boýunça duşuşyklaryň 22-si geçirildi.

Şeýle hem ilçihanalaryň üsti bilen ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklary giňeltmek we pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, türkmen-gazak, türkmen-koreý, türkmen-fransuz hökümetara toparlarynyň mejlisleri geçirildi. «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi», türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň maslahatlary boldy, türkmen-bahreýn, türkmen-koreý we türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi. Şunuň bilen birlikde, 5-nji aprelde Moskwada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Jumaýewi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellemek hakyndaky hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky resminamalara gol çekdi we olary elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer 2019-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ähli pudaklaryň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi bellenildi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde saklandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň mukdary 6,1 göterim artdy. Ykdysady toplumyň pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy.

Dört aýyň jemleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,1 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.

Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 76-synyň, 205,4 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn we düýpli çemeleşilýändigi bellenildi. Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşilýär.

Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär. Şunda ähli pudaklara täzeçil usullaryň, häzirki zaman tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna, hususan-da, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideokonferensiýa görnüşinde hökümet agzalarynyň ählisine anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň ykdysady görkezijileriniň, umuman, ähli pudaklaryň durnukly ösýändigini häsiýetlendirýändigini belläp, G.Myradowa ýüzlenip, ýurdumyzy ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň hem-de bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin teklipleri bermegiň wise-premýeriň garamagyndaky ýolbaşçylaryň gös-göni wezipe borjy bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek, öz önümlerimiziň iberilýän möçberini artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalarymyzy ýerine ýetirmek üçin hem täsirli çäreleri görmegiň gerekdigini belledi.

Şeýle hem maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek babatdaky işlerini jikme-jik seljermeli.

Milli Liderimiz M.Meredowa nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin halkara tejribede bar bolan oýlap tapyşlary, öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary önümçilige giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýere tabşyryklary berip, nebitgaz toplumynda ätiýaçlyklaryň bardygyny belläp, olaryň ulanylmagynyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny doly amala aşyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Goturdepe, Uzynada, Altyguýy we täze açylan beýleki nebit ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Bu babatda burawlamak we guýulary abatlamak üçin zerur bolan maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin halkara tejribede synagdan geçen netijeli usullary, ylmy taýdan esaslandyrylan usullary önümçilige giňden ornaşdyrmak barada tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz nebitgaz toplumynyň önümçiligini dolandyrmak we halkara nebitgaz tejribesiniň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, häzirki döwrüň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin täze ugurlaryň saýlanyp alynmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow E.Orazgeldiýewe gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz garamagyndaky ministrligiň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýygy-ýygydan etraplarda bolup, daýhan birleşiklerinde işleriň alnyp barlyşyny, ekişiň geçirilişini ýerinde görüp, berk gözegçilik etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça biziň kabul eden maksatnamalarymyzyň durmuşa geçirilişi bilen ýerlerde tanşyp, daýhan birleşiklerine zerur bolan kömegi bermek babatda hem wise-premýere aýratyn görkezmeleri berdi.

M.Çakyýewe täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça netijeli işleri alyp barmak barada tabşyryk berildi. Eksporta iberýän harytlarymyzyň möçberini artdyrmak we sanly ulgamy ösdürmek boýunça köpräk işlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Telekeçiler bilen alnyp barylýan işleri hem güýçlendirmeli. Iň täze, ýokary öndürijilikli enjamlar we innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalary döretmeli. Umuman, biz senagat toplumynyň durnukly işlemegini we döwletimize girdeji getirmegini gazanmaly diýip, milli Liderimiz nygtady we wise-premýere bu ýagdaýy seljerip, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň obalarynda durmuş maksatly desgalary gurmagyň depginini güýçlendirmek barada wise-premýer Ç.Purçekowa degişli tabşyryklary berip, sebitlerde döwrebap ýaşaýyş-durmuş düzümini döretmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine hemişe gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi.

— Siz elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde hemişe işlemeli. Dünýä bazarynda oňa uly isleg bildirilýär. Şoňa görä-de, bu ugurda özümiz işjeňligimizi artdyrmaly — diýip, milli Liderimiz belledi.

— Ç.Gylyjow, sarp edilýän harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça işleri dowam etmeli. Telekeçilik pudagyny ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini atdyrmak hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-tehniki taýdan kömek bermek üçin nobatdaky çäreleri taýýarlamaly — diýip tabşyryklary bermek bilen, döwlet Baştutanymyz şeýle hem pudaklarda sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Abdyýewa ýüzlenip, öňümizde köp sanly medeni çäreleriň we baýramçylyklaryň bardygyny aýtdy, wise-premýeriň ünsüni şu ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çäreleriň geçirilmegine çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işleri babatda degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem şu döwürde sportda ýeten üstünliklerimiz, türgenlerimiziň we sport toparlarymyzyň gazanan netijeleri giňden beýan edilmelidir. Ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky möhüm meseläni hem beýan etmegi dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz bu ugurda gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň işini işjeňleşdirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz P.Agamyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda gyzgalaňly döwrüň başlanmagy — orta mekdeplerde gutardyş synaglary, ýokary okuw mekdeplerinde bolsa, okuwlary tamamlaýyş hem-de giriş synaglarynyň geçirilýän döwri we beýleki çäreler bilen baglylykda tabşyryklary berdi.

Ähli okuw mekdeplerinde sanly ulgam boýunça täze sapaklary taýýarlamaly, şunda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasyna esasy orun degişlidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Türgenlerimizi Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlamak hem aýratyn möhüm meseledir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

— R.Meredow, öňde köp sanly halkara çäreler we maslahatlar bar. Hemişe bolşy ýaly, biz bu çäreleri hem ýokary derejede geçirmelidiris — diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň ähli agzalaryna ýüzlendi.

Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty, ozalkysy ýaly, üýtgewsiz bolmagynda galýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly, beýleki halkara guramalar bilen, ozalkysy ýaly, hyzmatdaşlygyň giňden alnyp barylmalydygyny aňladýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Garaşsyz döwletimiziň uzak möhletli maksatlaryna laýyk gelmegi biziň bu guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň esasyny düzýär.

Ýurdumyzyň şol maksatlary bolsa energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglydyr. Munuň özi ylmy we medeniýeti ösdürmäge, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, ählumumy howpsuzlygy berkitmäge, mähriban halkymyzyň bähbitlerine dünýäde ylalaşygy hem-de durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilendir.

Garaşsyz döwletimiziň içeri syýasaty barada aýdylanda bolsa, şu ýylyň dört aýynyň netijeleri ätiýaçdaky daşarky we içerki serişdelerimiziň ýeterlik derejede bolmagy bilen birlikde, Hökümetiň alyp baran işiniň bize jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklap galmaga mümkinçilik berendigini görkezýär. Jemi içerki önümiň ýokary derejesi ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň diýen ýaly goşan oňyn goşandy bilen hem üpjün edildi.

Biz ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny alyp barýarys. Netijede, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleri artýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hasabat döwründe ortaça aýlyk zähmet haky 9,5 göterim köpeldi. Milli pulumyz manadyň hümmeti hem bir derejede durnukly saklanyp galýar. Garaşsyz Watanymyzyň ähli ýerlerinde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de olaryň gurluşygy dowam edýär.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we öz önümlerimiziň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem elektron senagaty döretmek boýunça kabul eden döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Emma biziň kanagatlanarly netijeleri gazanandygymyza garamazdan, heniz üstünde işlemeli köp sanly meselelerimiz hem bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şol meseleleri çözmek üçin döwlet maksatnamalaryny kabul etdik. Kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça anyk wezipeleri kesgitledik. Biz bular barada Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde jikme-jik aýtdyk. Bu wezipeleri biz doly ýerine ýetirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biz şu gün Ministrler Kabinetiniň mejlisini bellenen wagtyndan öň geçirdik diýip, milli Liderimiz aýtdy. Sebäbi maý aýynda köp sanly möhüm syýasy we durmuş çärelerini geçirmegi göz öňünde tutýarys. Bu çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmek üçin, biz iş wagtymyzy dogry ulanmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtap, siz ertir gözegçilik edýän pudaklaryňyzda şu ýylyň 4 aýynda alnyp barlan işleriň jemleri boýunça ýygnaklary we maslahatlary geçirersiňiz diýip, wise-premýerlere tabşyryk berdi.

Bu çäreler Garaşsyz döwletimiziň durmuşynda uly ähmiýetli hem-de syýasy we durmuş taýdan örän möhüm wakalardyr. Şoňa görä-de, biz bu çäreleri ýokary derejede geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz ýene bir gezek belledi.

Şunuň bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, ähli hökümet agzalaryna Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň