Archive news

"Türkmenhowaýollary" tomusda Aşgabat - Ýewropa ugurlary boýunça uçuşlary dikeltdi

23:4302.05.2019
0
21756
"Türkmenhowaýollary" tomusda Aşgabat - Ýewropa ugurlary boýunça uçuşlary dikeltdi

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, Aşgabatdan Ýewropanyň Birmingem, London, Maýn boýundaky Frankfurt şäherlerinde howa gatnawy dikeldiler. Bu gatnawlar eýýäm agentligiň rejenamasyna hem girizildi.

Mälim bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň karary bilen Amerikanyň we Ýewropanyň ulgamlaryndaky käbir çapraz gelmeler sebäpli, türkmen "Boingleriniň" Ýewropanyň käbir şäherlerine gatnawy wagtlaýyn ýatyrylypdy. Ýakynda bolsa bu gatnawlary dikeltmek boýunça ylalaşyga gelindi. 

Soňky ýyllarda "Türkmenhowaýollary" agentliginiň uçar mümkinçiligi "Boingleriň" täze görnüşleri bilen üsti ýetirilýär. Olar halkara we içki gatnawlarda işjeň ulanylýar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň