Arhiw

Aşgabatda gümrük gulluklarynyň sebitleýin maslahaty başlady

21:4201.05.2019
0
4127

1-nji maýda Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak boýunça iki günlük sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň, Bütindünýä gümrük guramasynyň, Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň birnäçe gümrük gulluklarynyň ygtyýarly wekilleri gatnaşýarlar.

Okuw maslahatynyň 1-nji gününde oňa gatnaşyjylar dünýäniň gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini, şol sanda maglumat we öňdebaryjy tejribäni alyşmak boýunça halkara standartlarynyň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çärä gatnaşyjylar bu ýere ýygnananlary mejlise gatnaşýan ýurtlaryň her birinde toplanylan hünär tejribesi bilen tanyşdyrdylar.

2-nji maýda okuw maslahaty öz işini dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň