“Aşgabat” topary ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony

09:5901.05.2019
0
4031

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” topary Türkmenistanyň Sport  we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda 2001-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy.  Aziz Kambarowyň tälim berýänleri final duşuşygynda “Olimp” toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdmegi başardy. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda “Balkan” GOÝÇÝSM toparynyň derwezesinden jogapsyz toplaryň ikisini geçirdi.

“Aşgabat” toparynyň oýunçysy Rahman Myratberdiýew derwezelere geçiren 6 topy bilen iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňe saýlandy.

8 toparyň gatnaşmagyndaky ýurdumyzyň birinjiliginiň Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumynyň sport meýdançasynda geçirilendigini ýatladýarys.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

3-nji orun üçin duşuşyk: “Balkan” – GOÝÇÝSM – 2:0

Final duşuşygy: “Olimp” – “Aşgabat” – 0:1

Habaryň çeşmesi: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň