Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: "Bize oýna uýgunlaşak ýeterlik bolmady"

23:0330.04.2019
0
4192

AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň üçünji tapgyrynyň çäginde "Hujand" bilen "Altyn asyryň" (0:0) arasyndaky duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. "Ol deňme-deňligiň sebäbini toparyň sazlaşykly oýny orta goýup bilmändigi bilen delillendirdi" diýip, "Hujandyň" metbugat gullugy habar berýär.

- Duşuşyk barada teswirleriňiz? Nämäni başardyňyz, nämäni başarmadyňyz?

- Aýdara-diýere üýtgeşik bir zat hem ýok. Düýnki aýdyşymyz ýaly, iki tarapdan hem güýçli göreşiň boljakdygyny bilýärdik, özümizi garşydaşyň şol göreşine uýgunlaşdyryp bilmedik. Käte bir topary aňsatlyk bilen ýeňip bilersiň öýdýärsiň. Ýöne şu duşuşyk hiç bir zadyň aňsatlyk bilen başa barmaýandygyny görkezdi.

- Siz garşydaşyň şeýle güýçli garşylyk görkezip biljekdigine garaşypmydyňyz?

- Ozal hem aýdyşymyz ýaly, "Hujandyň" durnukly oýny bar, olar her metr üçin göreş alyp barýarlar - biz muny bilýäris. Duşuşygyň iki ýarymynda hem ýiti göreş boldy, ýöne hasaby açyp bilmedik.

- Biz düşünýäs - futbol toparlaýyn oýun. Ýöne, siziň pikiriňizçe, garşydaşdan haýsydyr bir futbolçy orta goýan oýny bilen öňe saýlandymy?

- Men beýle ýagdaýy görmedim. Toparyň anyk bir lideri ýokdy.

- Siziň toparyňyz üç tapgyrdan soň 3 utuk gazandy. Ýaryşyň galan bölegi barada näme aýdyp bilersiňiz?

- Göreris, beýleki duşuşygyň netijene hem garaşarys. Galanyna ýagdaýa görä taýýarlanarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň