Türkmenistanyň DIM-inde strategiki dialog boýunça okuw maslahaty geçirilýär

16:3330.04.2019
0
4506

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA) bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşýarlar.

Okuw maslahatynyň dowamynda ABŞ-nyň Merkezi we Günorta Aziýadaky howpsuzlyk gyzyklanmalarynyň seljermeleri, Owganystandaky ýagdaýlar, radikallaşma we ekstremizme garşy göreş, şeýle hem sebitdäki umumy ýagdaýlar ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

         Okuw maslahaty 2019-njy ýylyň 3-nji maýyna çenli öz işini dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň