Türkmenistanly mekdep okuwçylary Rumyniýada geçirilen «INFOMATRIX — 2019» atly halkara taslama bäsleşiginde 29 medal gazandylar

13:5830.04.2019
0
17196

Golaýda Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde «INFOMATRIX — 2019» atly halkara taslama bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde Türkmenistan, Rumyniýa, Hytaý, Russiýa, Belarus, Makedoniýa, Meksika, Ukraina, Indoneziýa, Bosniýa, Ekwador, Çehiýa, Kolumbiýa ýaly ýurtlardan gelen ýokary synp okuwçylarynyň 800-e golaýy on bir ugur boýunça bäsleşdiler. Türkmenistanly okuwçylaryň bu bäsleşikde 29 medala mynasyp bolmagy, hakykatdan-da, guwandyryjy netijedir. 
Halkara taslama bäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we Aşgabat şäherindäki mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň 30-sy gatnaşdy.  
Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň bilim derejeleri halkara emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Olardan Aşgabat şäherindäki dil dersleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ýekaterina Boýarkina, şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Dawut Akyýew informatika boýunça altyn medala, Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Merdan Pirliýew, Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Nowbahar Hatamowa informatika boýunça kümüş medala mynasyp boldular.
Informatika boýunça ylmy taslamalaryň arasynda iň oňat netije gazanan okuwçylaryň arasynda Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Ýusup Gurbanmämmedow, Dawut Garryýew, 10-njy synp okuwçylary Aşyr Gurdow, Erkin Hakgulyýew, Kerim Dörtgulyýew, Şamil Jemhurow, Atamyrat Agamyradow, Ylýas Halykow bürünç medal gazandylar. Şeýle-de, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Osman Begmyradow, Arslan Akmyradow, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Döwran Akmyradow, Baýmyrat Ataýew, 10-njy synp okuwçysy Aýdursun Tirkeşowa, paýtagtymyzdaky dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Kuwwat Rejebow, Meýlis Mätiýew, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Merdan Myradow, Selbinyýaz Gapbarowa, Döwletgeldi Hemraýew, 11-nji synp okuwçysy Mekan Baýjanow, 8-nji synp okuwçysy Annageldi Annaberdiýew, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 3-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Mekan Saryýew, Mukam Kurbanow, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji orta zehinli ýaşlar mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nurali Amanaýew, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 26-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Hajymyrat Aýydow, Alişer Batyrow hem bürünç medalyň eýesi boldular.
Halkara bäsleşikde türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň baýraksyz galany ýok. Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kerim Gurbanowyň üçünji ýere sähelçe baly ýetmedi. Şonuň üçiň ol bäsleşigiň höweslendiriji baýragyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň