Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-inde Bahreýniň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

13:5530.04.2019
0
1458
Türkmenistanyň DIM-inde Bahreýniň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

29-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça Ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Patyşalygyň atçylyk we at ýaryşlary federasiýasynyň prezidenti Şeýh Faýsal Bin Raşid Bin Isa Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşykda Bahreýniň wekiliýeti türkmen tarapyna türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçiligi üçin minnetdarlyk bildirdi we çäreleriň ýokary derejede geçirilendigini belläp geçdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça özarahyzmatdaşlygyň meselelerine seredilip geçildi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň