Gruziýanyň ilçisi bilen Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen duşuşykda energetika, ulag we bilim boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine seredildi

13:4530.04.2019
0
3425

29-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuku Murjikneli bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ulag, energetika we bilim ulgamlaryndaky  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry boýunça geçýän Lazurit taslamasyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berip, gruzin diplomaty Gruziýanyň  bu taslamany ösdürmek işine işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň