Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

00:4430.04.2019
0
6932

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, welaýatlary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerine garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda:

- welaýatlarda gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça çäreler;

- ekin meýdanlarynda amala aşyrylýan beýleki agrotehniki çäreleriň alnyp barlyşy;

- şeýle hem Oba milli maksatnamasyny, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar berildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany hasabatlary diňläp, olar bilen bagly degişli tabşyryklary berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň