AFK-nyň kubogy - 2019: Witaliý Lewçenko: "Biz AFK-nyň kubogynda finala çenli baryp ýeten garşydaş bilen oýnaýarys"

16:5329.04.2019
0
3751

Şu gün Hujand şäherindäki «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynyň maslahatlar zalynda «Hujand» ― «Altyn asyr» duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatda ýerli toparyň baş tälimçisi Witaliý Lewçenkonyň žurnalistleriň sowallaryna beren jogaplary bilen tanyşdyrýarys.

― Ilki bilen duşuşykdan garaşýan netijäňiz hakynda aýdaýsaňyz.

― Ähli zatdan öňürti dostlukly duşuşygyň bolmagyna garaşýarys. Goý, iki topar hem janköýerleri tolgundyryp biljek gyzykly oýny orta goýsun ― bu esasy zat. Garşydaşymyz ― AFK-nyň kubogynyň finalçysy. Gowşak topar finala çenli baryp ýetmeýär. Şonuň üçin duşuşyk bize aňsat düşmez.

― Garşydaşyň oýnuny derňemäge wagtyňyz ýeterlik boldy. «Altyn asyr» hakynda nämeleri aýdyp bilersiňiz?

― Dogry, garşydaşyň käbir duşuşyklaryna öz ýanymyzdan syn berdik. Olaryň oýun uslyby hakynda ýeterlik maglumatymyz bar. Ýene bir gezek aýdýaryn: garşydaş juda tejribeli topar. Olar futboly nähili oýnamalydygyny bilýärler. Bu esasy zat. Biziň üçin kyn oýun bolar. Biz duşuşygyň bütin dowamynda garşydaşymyzyň artykmaç taraplaryndan goranyp, gowşak tarapynyň üsti bilen ýeňiş gazanmaga çalşarys.

― Tursunali Rustamowyň şikesi bilen bagly name täzelik bar?

― Ýagdaýy gowy. Ol oýna taýýarlanýar.

― Siz toparyň başyna mundan iki hepde ozal geçdiňiz. Toparyň oýnunda özgermeler barmy?

― Meýilnamalarymyza görä işleýäris. Häzir-ä işler öz akymyna gidip otyr. Täjigistanyň çempionatynda-da iki duşuşyk geçirdik. Öňdäki duşuşyk barada-da käbir meýillerimiz bar, ýöne öňünden hiç zat aýtmaýyn. Stadiona geliň, ertir ähli zady görersiňiz. Toparyň taýýarlygyna-da öz bahaňyzy berersiňiz.

― Topar fiziki we ruhy taýdan nähili ýagdaýda?

― Biz oýna taýýar. Galyberse-de, ýeňişden soň özüňi indiki duşuşyga taýýarlamak aňsat düşýär. «Regar» bilen geçirilen duşuşykda ýeňiş gazandyk, şonuň üçin keýpimiz kök. Men jogapkärli duşuşygyň bosagasynda muny esasy zerurlyk hasaplaýaryn. Fiziki tarapdan hem taýýarlygymyz gowy. Futbolyň esasy zerurlygy yzygiderli türgenleşik. Biz bu ýörelgä eýerýäris.

― AFK-nyň kubogyndaky maksatlaryňyz?

― Her duşuşyga ýeňiş gazanmak üçin çykýarys. Oýundan oýna kämilleşýändigimiz hem bildirýär. Biziň esasy maksadymyz hemişe ýeňiş gazanmak we janköýerlerimizi begendirmek. Çünki janköýerler üçin iň begençli pursat söýgüli toparynyň ýeňşidir.

― Onda janköýerlere aýtmak isleýän zadyňyz barmy?

― Stadion mähelleden doluka oýnamak has ýakymly. Olaryň ählisini ertir stadiona çagyrýaryn. Geliň, futboldan lezzet almagy dowam ediň. Biz hem sizi begendirmäge çalşarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň