Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Hujand" gyzyl, "Altyn asyr" gök köýnekçede çykyş eder

16:2129.04.2019
0
4333

Ertir Hujand şäherindäki "Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy" atly stadionda ýurdumyzyň çempiony "Altyn asyr" AFK-nyň kubogy - 2019-yň "D" toparçasynyň üçünji tapgyrynyň çäginde şäheriň adybir topary bilen duşuşar. Şu gün bu stadionyň maslahatlar zalynda iki toparyň we AFK-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşygyň öňüsyrasyndaky maslahat bolup geçdi diýip, "Hujandyň" metbugat gullugy habar berýär. Maslahat duşuşygyň komissary, hindistanly hünärmen Sanjaý Kumaryň we gözegçi emin Hussaýn Ghadhanferiniň (Kuweýt) ýolbaşçylygynda geçirildi. 

Maslahatda ertirki duşuşygyň guramaçylyk meseleleri bilen bagly wezipeleriň birnäçesine garaldy. Şeýle hem toparlaryň duşuşykda geýjek köýnekçeleri kesgitlenildi. Ertirki duşuşykda ýer eýeleri gyzyl, biziň ildeşlerimiz gök köýnekçede çykyş eder. Şeýle hem ýer eýeleriniň derwezeçisi ýaşyl, "Altyn asyryň" derwezeçisi sary köýnekçe geýer.

Duşuşyk ertir - 30-njy aprelde ýerli wagt bilen 16:00-da başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň