Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy welosiped ýaryşyny gurnady

14:5128.04.2019
0
10283

27-nji aprelde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň howandarlygynda her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygy, şeýle hem 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygary mynasybetli welosiped ýaryşy geçirildi.

Ýaryşa Ilçihananyň işgärleri we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Ýaryşyň öňüsyrasynda geçirilen dabarada türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm bölegi bolan sport diplomatiýasynyň parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny pugtalandyrmaga, ýokary netijeli sport ulgamyny işjeňleşdirmäge, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge, ýurduň ýaş nesliniň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň