Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Dawid Lappartýen we Igor Makarow bilen welotrek we şosse boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

19:1927.04.2019
0
14994

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy Dawid Lappartýeni hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda sport, hususan-da, welosiped sporty babatda hyzmatdaşlyk meselesi pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Türkmenistanyň hem-de Halkara welosipedçiler birleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri, şol sanda 2021-nji ýylda ýurdumyzda trekde welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, UCI-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bu abraýly ýaryşlary ýokary derejede geçirjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem ýurdumyzda 2026-njy ýylda welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek mümkinçiligine seredildi. Şu pikiri goldandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildiren jenap Dawid Lappartýe Türkmenistanda şeýle ýaryşlary geçirmek üçin zerur bolan şertleriň bardygyny belledi.

Halkara derejeli welosipedçi türgenleri taýýarlamak hem-de şu maksatlar üçin ýörite mekdebi açmak babatda gatnaşyklar söhbetdeşligiň esasyny düzdi. UCI-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň başyny başlaýan toplumlaýyn çäreleri netijesinde, Türkmenistanda welosiped sporty uly mümkinçiliklere eýe boldy. Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmek boýunça alyp barýan işleriniň mynasyp göreldedigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow holdingiň ýurdumyzda amala aşyrýan işleriniň ýagdaýy barada habar berip, nebitgaz pudagynda we beýleki ulgamlarda bilelikdäki täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz «ARETI» halkara kompaniýalar topary bilen köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň pudaklary ösdürmegi, iň gowy dünýä tejribesiniň çekilmegini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ugur edinýän ykdysadyýeti ösdürmegiň toplumlaýyn strategiýasyny amala aşyrmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklara hemişe açykdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň