Türkmenistanyň Ankaradaky diplomatik wekilhanasy BSG-nyň Türkiýedäki merkeziniň wekilleri bilen futbol boýunça duşuşyk geçirdi

15:0826.04.2019
0
2919

Türkmenistanyň Ankaradaky Ilçihanasy BSGG-nyň Türkiýedäki merkeziniň topary bilen futbol boýunça duşuşyk geçirdi. Ýoldaşlyk duşuşygy her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy, şeýle hem 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynda diplomatik wekilhananyň işgärleri we Ankaranyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary çykyş etdiler. Oýun başlamazdan ozal geçirilen dabarada BSGG-nyň Türkiýedäki merkeziniň işgärleri ilatyň saglygyny goramakda Türkmenistanyň oňyn tejribesini, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak we bu ugurda ileri tutulýan halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça döwlet Baştutanynyň möhüm başlangyçlaryny bellediler.

Oýun dostlukly ýagdaýda geçdi we oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň