Soňky habarlar

Archive news

Futbol, TÝL - 2019: türkmen derbisi deňlikde tamamlandy, "Şagadam" ikinji orna geçdi

23:4124.04.2019
0
2671
Futbol, TÝL - 2019: türkmen derbisi deňlikde tamamlandy, "Şagadam" ikinji orna geçdi

Şu gün paýtagtymyzda ikinji tapgyryň galdyrylan duşuşyklary geçirildi. Galdyrylan tapgyryň merkezi duşuşygynda ýurdumyzyň öňbaşçy toparlary “Altyn Asyr” bilen “Ahal” toparlary güýç synanyşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen bu duşuşykda taraplaryň hersi bir gezekden tapawutlandy. Hasaby ilki “Ahal” açdy. Toparyň netijeli urgusyny Didar Durdyýew geçirmegi başardy. Hasaby deňlän goly “Altyn Asyryň” hüjümçisi Murat Ýakşiýew geçirdi.  

Günüň beýleki duşuşygynda Türkmenbaşynyň “Şagadamy” myhmançylykda “Köpetdagy” 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, geçirilen bu duşuşyklardan soň “Ahal” eýeleýän birinji ornuny saklap galdy. Ikinji, üçünji orunlary “Şagadam” hem-de “Nebitçi” toparlary eýeleýärler. Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony “Altyn Asyr” ýaryş tertibinde dördünji orna geçmegi başardy.

Futbol çempionatymyzyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 27-nji aprelde geçirilip, onda “Şagadam” – “”Nebitçi”, “Merw” – “Energetik”, “Köpetdag” – “Ahal” hem-de “Aşgabat” – “Altyn Asyr” toparlary duşuşarlar.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

 “Köpetdag” – “Şagadam” – 1:4

Gollar: 75 Berdi Hotdyýew (“Köpetdag”) – 18 Rasul Mahmudow (öz derwezesine), 34 Serdaraly Ataýew, 40 Röwşengeldi Halmämmedow, 90 Kerim Hojaberdiýew (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 42 Baýramgeldi Gulmaýew, 70 Döwlet Seýitmuhammedow (“Köpetdag”) – 42 Aşyrgeldi Saryýew, 76 Baýramgeldi Nurlyýew, 79 Hydyr Rahymow (“Şagadam”)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 200

 

 “Altyn Asyr” – “Ahal” – 1:1

Gollar: 23 Murat Ýakşiýew (“Altyn Asyr”) – 9 Didar Durdyýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 63 Altymyrat Annadurdyýew, 80 Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”) – 25 Serdar Annaorazow, 38 Gurbanguly Aşyrow, 45+1 Didar Durdyýew (“Ahal”)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

Habaryň çeşmesi: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň