Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň Baş sekretary Arslan Aýnazarow CAFA-nyň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy

23:3624.04.2019
0
12275

Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheriniň “Haýýat Rijensi Duşenbe” myhmanhanasynda Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýalarynyň nobatdaky Kongresi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow CAFA-nyň (Central Asian Football Association) başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy.

Kongresiň dowamynda CAFA-nyň prezidentiniň wezipesi Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Rustam Emomala ynanyldy. Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň ýolbaşçylar düzüminiň çalyşmagy bilen bu guramanyň merkezi edarasy Daşkent şäherinden Duşenbe şäherine göçürildi.

Şeýle-de Kongresiň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň Futbol federasiýasynyň wise-prezidenti Dastanbek Konokbaýew CAFA-nyň wise-prezidenti wezipesine saýlanyldy. Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Kanatbek Mamatowyň kanditaturasy CAFA-nyň adyndan Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynda Ýerine ýetiriji komitetiň agzasy bolmagy biragyzdan goldanyldy.

Duşenbe şäherinde geçirilen Kongresiň işine Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Eýranyň, Özbegistanyň hem-de Owganystanyň Futbol federasiýalarynyň wekilleri, şeýle-de, AFK-nyň resmi wekili gatnaşdylar.   

Ýeri gelende aýtsak, Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy 2014-nji ýylda döredilip, onuň düzümine alty döwletiň Futbol federasiýalary (Türkmenistan, Eýran, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikasy, Owganystan) girýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň