Hojambaz etrabynda täze aragatnaşyk bölümi açyldy

22:4324.04.2019
0
32686

Şu gün Hojambaz etrabynyň dolandyryş merkezinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu desga Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň buýurmasy boýunça ýerli gurluşykçylar tarapyndan bina edildi.

Aragatnaşyk işgärlerini welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýerli ýaşaýjylar gutladylar.

Etrabyň aragatnaşyk bölüminiň binasy milli Liderimiziň şähergurluşyk düzümine bildirilýän talaplary hasaba alnyp guruldy. Iň öňdebaryjy enjamlar we kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilen täze binada «Altyn asyr» sanly aragatnaşyk gullugy, merkezi poçta, 1 müň 680 belgili awtomatlaşdyrylan telefon bekedi, ilata hyzmat etmek boýunça giň otaglar, iş otaglary, durmuş maksatly jaýlar ýerleşýär.

Binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy we agaç nahallary ekildi. Dabaranyň dowamynda iň gowy gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabarada bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda giň gerimli özgertmeler maksatnamalary amala aşyrylýar, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak, türkmen halkynyň ähli babatda abadan durmuşyny üpjün etmek bu özgertmeleriň baş maksady bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň