Aşgabatda Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Global gaznasynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi

20:3224.04.2019
0
5526

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Global gaznasynyň çäklerinde BMG-niň hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasyndaky “Inklýuziw we ýokary hilli durmuş hyzmatlary ýerli derejede ornaşdyrmagyň üsti bilen durmuş goraglylygy boýunça ulgamy kämilleşdirmek” teklip edilýän taslamanyň konsepsiýasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi - diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Içeri işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň ýolbaşçy düzümi gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda ilatyň ejiz gatlaklaryna zerur bolan durmuş hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde taslamanyň ähmiýetli düzüm böleklerine seredilip geçildi. Şeýle-de oňa gatnaşyjylar bu konsepsiýanyň saklanylmagy boýunça gatnaşýan taraplaryň tekliplerini we maslahatlaryny diňlediler.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda beýan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ähmiýetli goşant goşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň