Soňky habarlar

Arhiw

Türkmneistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde XIV Halkara radio festiwalyna we VI Bütindünýä radio maslahatyna gatnaşdy

19:4924.04.2019
0
2439

22-24 aprel aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde XIV Halkara radio festiwaly we VI Bütindünýä radio maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Şeýle-de bu çärelere 30 golaý ýurtdan dürli wekiliýetler gatnaşdy.

Вu çäreleriň çäginde türkmen wekiliýeti bilen EYR-nyň Radio we telewideniýe guramasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telewideniýe we radiogepleşikler pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň