Soňky habarlar

Arhiw

Spartakiadanyň döwlet tapgyryna badalga berildi

10:2324.04.2019
0
730

Düýn Ahal welaýat merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen Milli sport oýunlarynyň XX spartakiadasynyň döwlet tapgyryna badalga berildi. Bu giň göwrümli sport çäresine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyzdan spartakiadanyň ýerli tapgyrlarynda ýeňiji bolan türgenler ýygnandy.
Günüň ir säherinde milli sport oýunlary mynasybetli welaýat merkezinde dabaraly ýöriş ýaýbaňlandyryldy. Welaýat merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň golaýyndan badalga alan dabaraly ýörişiň başyny düýe kerwenidir tigirli ýaşlaryň çekmegi, onuň yzy bilen welaýatlardan hem-de paýtagtymyzdan gelen milli lybasly türgenleriň, toýlaryň ýaraşygy bolan aksakgal ýaşululardyr kümüş saçly mährem eneleriň, şeýle-de, ýaş nesliň çekmegi döwrümiziň bagtyýarlyk joşgunyny alamatlandyrdy. Köp sanly sport lybasyndaky raýatlar dabaraly ýörişe özboluşly bezeg çaýdylar. 
Ýörişe gatnaşyjylar şäherdäki döwrebap sport mekdebiniň öňündäki meýdançada duz-çörekli garşylandy. Bu ýerde Milli sport oýunlarynyň XX spartakiadasynyň döwlet tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürmek ugrundaky taýsyz tagallalary hakda söz açyp, milli sport oýunlary boýunça geçirilýän spartakiadanyň ähmiýetini nygtadylar hem-de milli sport ýaryşlaryna gatnaşýan zähmetkeşlere üstünlikleri arzuw etdiler. 
Ýagşydan-ýagşy arzuwlardan soňra, myhmanlar ol ýerde giň gerim alan aýdym-sazly çykyşlary, sportuň milli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary we sportda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirýän sergini synladylar. Şeýle köpöwüşginli şüweleňden soňra, döwrebap derejede enjamlaşdyrylan sport zallarydyr meýdançalarda milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar badalga aldy. «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011 — 2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, zähmetkeşleriň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak, olary sporta köpçülikleýin çekmek, milli sport oýunlary boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek, şeýle-de, milli sport oýunlarynyň meşhurlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän ýaryşlar üç günläp dowam eder. Onuň dowamynda zähmetkeşler sportuň milli göreş, düzzüm, küşt we ýaglyga towusmak ýaly milli görnüşleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezerler.

Habaryň çeşmesi: "Türkmenistan" gazeti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň