Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri Olimpiýa oýunlaryna Olimpiýa şäherçesinde taýýarlyk görýärler

10:1924.04.2019
0
2037

Şu günler Olimpiýa şäherçesinde Tomusky olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sport görnüşleri boýunça milli ýygyndylarymyzyň türgenleri arzyly ýaryşyň basgançaklary bolan saýlama ýaryşlara we olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýär. Şeýle taýýarlyklaryň ilkinjileriniň dowam edýän günlerinde Olimpiýa şäherçesiniň dolandyryş müdirliginiň sport we köpçülikleýin çäreleri utgaşdyryjy bölüminiň esasy hünärmeni Irina Simiç bilen gürrüňdeş bolduk. Ol degişli şäherçe we bu ýerde geljek ýyl Tokioda geçiriljek sport ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşi dogrusynda birnäçe täsirli gürrüň­leri berdi.

Iri halkara ýaryşlaryň mekany hökmünde tanalýan Olimpiýa şäherçesinde türgenleriň sport ýaryşlaryna taýýarlanmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Şeýle işler türgenlerimizi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna we geçen ýyl geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlamak üçin hem alnyp baryldy. Häzirki wagtda türgenlerimiziň öňünde Tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak we olarda üstünlikli çykyş etmek ýaly möhüm wezipeler goýuldy.

Türkmen türgenleri bu ýerde di­ňe bir Tomusky olimpiýa oýunlaryna däl, eýsem, şol oýunlara ýollanma berýän iri halkara ýaryşlara hem taýýarlanýar. Olaryň di­ňe bir bu ýerde türgenleşmegi üçin däl, dogry iýmitlenmegi, ýaşamagy üçin hem ähli şertler döredildi. Lukmançylyk gözegçiligi ýola goýuldy.

Häzirki wagtda sportuň dürli görnüşi boýunça milli ýygyndylarymyz Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik zallarynda dürli derejede türgenleşýär. Olaryň türgenleşik tertibi meşgullanýan sportuna baglylykda üýtgeýär. Netijede, käbir sport görnüşleriniň agzalarynyň bir hepdedäki türgenleşigi 10-dan geçýär. Dürli sport görnüşleri boýunça yzygiderli türgenleşikler ýola goýlan-da bolsa, olaryň sazlaşykly tertipde dowam edýändigi bellärliklidir.

Türgenlerimiz şäherçäniň çägindäki ýaşaýyş jaýlary bilen hem üpjün edildi. Munuň özi olaryň dowamly türgenleşiklere wagtlywagtynda barmagy, hemişe gözegçilikde bolmagy üçin möhüm ähmiýetlidir. Häzirki wagtda Tomusky olimpiýa oýunlaryna taýýarlanýan türgenlerimize 14 gatly binalaryň 6-sy ýaşamak üçin berildi. Umuman, bu toplumda, halkara ýaryşlara taýýarlanýan we bu ýerde geçirilýän ýaryşlara gatnaşýan türgenleriň 3 mü­ňüsiniň ýaşamagy üçin amatly şertler bar.

Lukmançylyk hyzmatlary barada aýdanymyzda, häzirki wagtda şäherçede Saglygy dikeldiş merkezi hereket edýär. Merkezde beýleki ugurlar bilen bir hatarda türgenler üçin sport lukmançylygy hem giňden ýola goýuldy. Ýe­ňil elli lukmanlaryň işleýän merkezi tiz kömek, dikeldiş hyzmatlaryny öz içine alýar.

Habaryň çeşmesi: "Türkmenistan" gazeti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň