Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygynyň Kubogy ugrunda futbol ýaryşy geçirildi

20:1223.04.2019
0
3677

Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygy (RF) Russiýanyň, Tunisiň, Günorta Afrika ýurtlarynyň we beýleki ýurtlaryň ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagynda futbol boýunça ýaryş geçirdi. Türkmenistanyň toparynyň hatarynda Astrahan oblastynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Konsullygynyň Kubogy ugrundaky ýaryş Astrahanyň merkezi stadionynda geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçen bäsleşikde ýeňiş gazanan we baýrakly orunlary eýelän toparlara, şeýle hem “Iň gowy oýunça”, “Iň köp pökgi geçiren oýunça” we “Iň gowy derwezebana” ada mynasyp bolanlara baýraklar hem-de hormat hatlary gowşuryldy.

Futbol boýunça Kubok ugrundaky ýaryş her ýyl ýurdumyzda türkmen jemgyýetine sagdyn durmuş ýörelgesini we ýaş nesliň sazlaşyly ösüşini ornaşdyrmaga gönükdirilip geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň