Futbol, TÝL - 2019: ertir 2-nji tapgyryň galdyrylan duşuşyklary geçiriler

17:3823.04.2019
0
9152

Ertir - 24-nji aprelde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 2-nji tapgyryň galdyrylan duşuşyklary geçiriler. Ikisi hem "Aşgabat" stadionynyň ýanaşyk futbol meýdanlarynda geçiriljek duşuşyklarda "Köpetdag" "Şagadamy", "Altyn asyr" "Ahaly" kabul eder.

Öz meýdanynda "Şagadamy" ýeňip bilse, "Köpetdaga" üçünji ýa dördünji orna çykmaga mümkinçilik dörär. Häzir "Köpetdagda" 6, "Şagadamda" bolsa 8 utuk bar. "Şagadam" ýeňiş gazansa, ýaryş tertibinde azyndan üçünji orna çykar. Çünki bu duşuşygyň netijesi belli bir derejede "Altyn asyr" - "Ahal" duşuşygyna-da bagly bolar.

"Altyn asyr" bilen "Ahalyň" arasyndaky duşuşygy bolsa birinji aýlawyň iň esasy oýny hökmünde hem häsiýetlendirip bileris. Ýeňiş ýer eýelerine ýaryş tertibinde ikinji orna çenli çykmaga, TÝL - 2019-da heniz utuk ýitirmedik myhmanlara bolsa garşydaşlarynda has-da ara açmaga mümkinçilik berer. Deňlik bolsa, "Ahaldan" beter "Altyn asyr" üçin howply. Çünki ýurdumyzyň çempiony üçünji tapgyrda "Şagadam" bilen geçirilen duşuşykda hem utuk ýitiripdiler. 

“Köpetdag” – “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

 

 “Altyn Asyr” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň