«Laçyn» tans, aýdym-saz folklor topary Müsürde geçirilen halkara festiwala gatnaşdy

16:0623.04.2019
0
7237

Ýakynda Müsür Arap Respublikasynyň Damanhur şäherinde halkara folklor festiwal geçirildi. Festiwala ýurdumyzdan «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Laçyn» tans, aýdym-saz folklor topary gatnaşdy.

Türkmen tansçylarynyň sahnadaky täsirli çykyşlaryna dürli ýurtlardan gelen myhmanlar uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. «Çopanlar», «Palaw», «Ýigitler», «Bedew», şeýle hem «Küştdepdi» tanslary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Sahna meýdançasynda ezber ýigitleriň owadan milli lybaslardaky ajaýyp tanslary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Milli tanslarymyz halk döredijiligi esasynda görkezilen sahna eserlerinde özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, tomaşaçylara ýakymly duýgulary eçildi.

Dabaranyň şowhunyny has-da belende göteren «Küştdepdi» tansy başdan ahyryna çenli tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna beslendi.

Sazanda Rüstem Meredowyň ýerine ýetiren «Heserli», «Nergiz», «Ýylgaýlar» sazlary, Bezirgen Hajyýewyň «Köne güzer», «Haýsydyr», «Ýelpeselendi», «Duran ýerlere», «Meleguş», «Gelinler» ýaly aýdymlary belentden ýaňlandy. Joşgunly folklor çykyşlary dost-doganlyk halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Ýokary derejede çykyş edendigi üçin «Laçyn» tans, aýdym-saz folklor topary festiwalyň baş baýragyna mynasyp boldy. Sungat ussatlarymyzyň şeýle döredijilik üstünlikleri türkmen medeniýetiniň abraýynyň dünýä derejesinde artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýeri gelende aýtsak, 2008-nji ýylda döredilen «Laçyn» tans, aýdym-saz folklor topary Türkiýe, Koreýa, Täjigistan, Wengriýa, Azerbaýjan, Awstriýa, Belarus, Gyrgyzystan, Russiýa, Hytaý ýaly dünýäniň ençeme döwletlerinde döredijilik saparynda bolup, halkymyzyň medeni mirasyny, däp-dessurlaryny, eziz Watanymyzyň ösüşleriniň waspyny dünýä ýaýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň