"Türkmenistan: Sportuň" göni ýaýlymdaky futbol duşuşyklary bu hepde hut şu gijeden başlanýar. Hepdäniň dowamynda futbolyň muşdaklaryna Ispaniýanyň, Italiýanyň we Fransiýanyň çempionatlaryndan, Italiýanyň kubogyndan gyzykly duşuşyklaryň 10-sy garaşýar. Olaryň arasynda "Barselona", "Real Madrid", "MIlan", "Inter", "Ýuwentus", "Lion" ýaly has güýçli toplaryň duşuşyklary hem bar. Hususan-da, Italiýanyň kubogyndaky "Milan" - "Lazio", Italiýanyň çempionatyndaky "Inter" - "Ýuwentus" duşuşygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan janköýerler kän bolsa gerek. Şeýle bolsa, baş üstüne! "Türkmenistan: Sport" şu hepde garaşýan duşuşyklaryňyzy türkmen dilindäki teswirleme bilen GÖNI ÝAÝLYMDA ýetirmegi meýilleşdirýär.
23.04.2019
“La Liga” – Ispaniýa “Ueska” – “Eýbar” 22:25 GÖNI ÝAÝLYM
“La Liga” – Ispaniýa "Alawes” – “Barselona” 00:25 GÖNI ÝAÝLYM
24.04.2019
“Kubok” – Italiýa “Milan” – “Lazio” 23:40 GÖNI ÝAÝLYM
25.04.2019
“La Liga” – Ispaniýa “Sewilýa” – “Raýo Walýekano” 22:25 GÖNI ÝAÝLYM
“La Liga” – Ispaniýa “Getafe” – “Real Madrid” 00:25 GÖNI ÝAÝLYM
26.04.2019
“Liga 1” – Fransiýa “Bordo” – “Lion” 23:40 GÖNI ÝAÝLYM
“La Liga” – Ispaniýa “Atletik Bilbao” – “Alawes” 15:55 GÖNI ÝAÝLYM
27.04.2019
“Seria A” – Italiýa “Inter” – “Ýuwentus” 23:25 GÖNI ÝAÝLYM
28.04.2019
“Seria A” – Italiýa “Frozinone” – “Napoli” 15:25 GÖNI ÝAÝLYM
“Seria A” – Italiýa “Torino” – “Milan” 23:25 GÖNI ÝAÝLYM