Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşik yglan edildi

23:3322.04.2019
0
7303

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.

Resminama bilen ýokarda agzalan bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň