Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Pariždäki wekilhanasy futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

12:3922.04.2019
0
4587

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Parižde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol oýnuny gurady. Ol ýurdumyzda däp bolup galan köpçülikleýin-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy.

Ýoldaşlyk duşuşygy dostlukly ýagdaýda geçdi. Duşuşyk tamamlanandan soň oýna gatnaşanlaryň iň ýaşyna we ýaşulysyna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň