Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanowyň topary şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasynda 4-nji tapgyryň duşuşygyny geçirer

09:3222.04.2019
0
3154

Şu gün Daşkent şäherinde AFK-nyň Çempionlar ligasynyň B toparçasynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşygy geçiriler. Onda Özbegistanyň häzirki çempiony "Lokomotiw" Saud Arabystanyny[ "Al-Ittihad" toparyny kabul eder. Ýer eýeleriniň düzüminde Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanowyň hem çykyş edýändigini ýatladýarys.

Iki toparyň arasynda 3-nji tapgyrda Saud Arabystanynda geçirilen duşuşyk 3:2 hasabynda "Al-Ittihadyň" ýeňşi bilen tamamlanypdy. Arslanmyrat Amanowyň topary yzda galan 3 tapgyrdan soňra 3 utuk bilen toparçada dördünji orny eýeleýär. Eger "Lokomotiw" şu gün öz meýdanynda ýeňiş gazanyp bilse, garşydaşy bilen utugyny deňlär we ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak mümkinçiligini artdyrar. Yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň düzgünnamasyna görä, 1/16 finala her toparçadan iki wekil çykar. 

Duşuşyk şu gün Aşgabat wagty bilen 18-de başlanar. Bu gün ýene-de biziň ildeşimiziň esasy düzümde meýdana çykmagyna garaşylýar. Saud Arabystanyndaky duşuşykda ol duşuşygyň bütin dowamynda toparynyň ýeňşi üçin göreşipdi we 82-nji minutda Filip Raýewaçyň geçiren goluna asistlik edipdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň