Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: möwsümdäki üçünji duşuşygynda "Altyn asyr" "Köpetdagy" ýeňdi

19:5921.04.2019
0
5710

6-njy tapgyryň jemleýji duşuşygynda «Köpetdagy» kabul eden «Altyn asyr» ynamly ýeňiş gazandy. Şu gün paýtagtda geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň häzirki çempionynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky pökgüleriň ikisi hem ikinji ýarymda geçirildi. 59-njy minutda goragçy Zafar Babajanow ýer eýelerini hasapda öňe çykardy. 83-nji minutda bolsa «Altyn asyr» ikinji goluny hem geçirdi. Bu gezek geçen ýylyň netijeleri boýunça ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edilen Altymyrat Annadurdyýew tapawutlandy.

Bu duşuşykdan soňra, Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri utugyny 7-ä çykaryp, ýaryş tertibinde dördünji basgançaga çykdy. Çempionyň ätiýaçda ýene üç duşuşygy bar. «Köpetdag» bolsa 6 utuk bilen altynjy orunda galdy.

Milli çempionatymyzyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna 27-nji aprelde badalga berler. 24-nji aprelde bolsa 2-nji tapgyryň çägindäki «Altyn asyr» ― «Ahal» duşuşygy geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň