Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: "Ahal" iň ýakyn bäsdeşinden 6 utuk öňde

23:4220.04.2019
0
5918

Aşgabatda, Maryda we Türkmenbaşyda geçirilen duşuşyklar bilen, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 6-njy tapgyra badalga berildi.

Paýtagtyň adybir stadionynda geçirilen duşuşykda ýaryşyň öňdebaryjysy "Ahal" "Merwi" kabul etdi. 25-nji minutda hüjümçi Didar Durdyýewiň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen öňe saýlanan ýer eýelerinde 39-njy minutda Guwanç Abylow hem tapawutlandy. Ýöne ikinji pökgüden öň, 31-nji minutda "Ahalyň" ýarym goragçysy Wezirgeldi Ylýasowyň ikinji sary kartdan soň, meýdandan çykarylandygyny hem aýtmak gerek. Garşydaşdan bir oýunçy az bolup oýnamak hem ýer eýeleriniň okgunly oýnuny gowşadyp bilmedi. 72-nji minutda Merdan Gurbanow "Merwiň" derwezesinden üçünji pökgini hem geçirdi. Bu pökgi duşuşygyň ykbalyny hem kesgitledi: "Ahal" - "Merw" - 3:0.

Bu ýeňişden soňra, utugyny 15-e çykaran Röwşen Meredowyň şägirtleri garşydaşlaryndan arany barha açdy. geçen tapgyrdan soňra ikinji orundaky "Şagadam" bilen aralygyň 5 utuga barabardygyny aýdypdyk. Bu tapgyrda bolsa "Nebitçi" ikinji orna geçdi. Aratapawut bolsa 6 utuga çykdy.

Aşakdaky maglumatlar arkaly 6-njy tapgyryň beýleki duşuşyklarynda gazanylan netijeler bilen hem tanşyp bilersiňiz.

“Nebitçi” – “Aşgabat” – 1:0

Gol: 48 Nurtagan Mämmedalyýew (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 67 Aşyrgeldi Ylýasow (“Nebitçi”) – 25 Dawid Sarkisow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 300

 

 “Ahal” – “Merw” – 3:0

Gollar: 25 Didar Durdyýew (11 m.u.), 39 Guwanç Abylow, 73 Merdan Gurbanow (“Ahal”)

 Duýduryşlar: 19 Wezirgeldi Ylýasow, 57 Yhlas Saparmämmedow (“Ahal”) – 65 Ilýa Tamurkin (“Merw”)

Meýdandan çykarylan: 31 Wezirgeldi Ylýasow, ikinji duýduryş (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Jumaýew (Aşgabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 300

 

“Energetik” – “Şagadam” – 2:2

Gollar: 90, 90+1 Alibek Abdyrahmanow (“Energetik”) – 65 Serdaraly Ataýew, 76 Kerim Hojaberdiýew (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 29 Pirmyrat Gazakow, 32 Şaweli Seýitgulyýew (“Energetik”) – 62 Röwşengeldi Halmämmedow, 76 Sergeý Kuznesow, 81 Kerim Hojaberdiýew, 90+3 Daýanç Orazgylyjew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Saparow (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 400

6-njy tapgyryň duşuşyklary 21-nji aprelde geçiriljek "Altyn asyr" - "Köpetdag" duşuşygy bilen tamamlanar. "Aşgabat" stadionynda geçiriljek duşuşyk sagat 17:00-da başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň