Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanda halkara çäreler geçiriler

12:2620.04.2019
0
11433

19-njy aprelde sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmegiň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI Halkara ylmy maslahaty hem-de ýöriteleşdirilen halkara sergi-ýarmarkasy, uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşigi, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlar, däp bolan at çapyşyklary guralar. Iň owadan ahalteke bedewini saýlamak ugrunda geçirilen bäsleşigiň netijeleri jemlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň