Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" Türkmen kölüniň çäklerini abadanlaşdyrmak işleri dowam edýär

12:1220.04.2019
0
1365

19-njy aprelde sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlsiinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň çäklerinde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Serdar etrabynyň çäginde ýerleşýän Akýaýla diýen ýerde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi bilen balykçylyk, maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanýan degişli düzümler dörediler. Munuň özi ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm tapgyra öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde zerur ähli durmuş düzümlerini, ýokary derejeli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman ýaşaýyş toplumy emele geler diýip, wise-premýer belledi hem-de Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obanyň düýbüni tutmak dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň, ulag düzümini we jemagat hojalygyny, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, kiçi telekeçiligi ösdürmegiň, welaýatlary ykdysady taýdan ösdürmegiň hereketlendirijileri hökmünde täze obasenagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugrydygyny belledi.

Milli Liderimiz «Altyn asyr» türkmen kölüniň çäklerini özleşdirmäge, bu ýerde miweçiligi we balykçylygy ösdürmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Kenarýaka zolakda bakjaçylyk üçin uly mümkinçilikler bar.

Ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş maksatly desgalar bina edilende gurluşyk işleriniň, gurluşyk serişdeleriniň hiline aýratyn üns berilmelidir hem-de bu sebitiň howa şertlerine kybap gelmelidir.

Şonuň ýaly talaplar awtomobil ýollaryna hem bildirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz ähli zatlary täze guruljak desgalary meýilleşdirmek tapgyrynda göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz degişli taslamalaryň tehniki seljermesini hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn öwrenilmelidigine ünsi çekdi. Ekologiýanyň we howpsuzlygyň ýokary ölçeglerine kybap gelýän amatly durmuş gurşawyny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, döwlet Baştutanymyz bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň