Türkmenistanda ähli ýolbaşçylar üçin sanly ulgam boýunça gysga wagtlyk okuwlar geçiriler

11:3420.04.2019
0
15129

19-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlsiinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentine milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we ony sanly ulgama geçirmek boýunça amala aşyrylýan strategiki özgertmeler babatda intellektual ulgamlary hem-de iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglylykda, ylym we bilim ulgamlarynyň işi barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji aprelde geçirilen hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylar üçin ýörite okuwlary guramak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Şu maksat bilen gysga möhletli okuwlaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Okuwlar sanly ykdysadyýet boýunça bilimi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir hem-de sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşine we durmuş ulgamyna täsiri barada umumy düşünjelerini artdyrmaga ýardam etmelidir.

Okuw meýilnamasyna «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmagyň ugurlary we tapgyrlary, sanly ykdysadyýete geçmegiň hukuk üpjünçiligi, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamy, maglumat howpsuzlygy we beýleki mowzuklar girizildi. Okuwlaryň ilkinji tapgyryna 2019-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlamak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň