Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda agyz suwuny sarp edijiler bilen hasaplaşyklar sanly ulgama geçirilýär

11:3120.04.2019
0
14852

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy aprelde sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek, hususan-da, Aşgabat şäherinde agyz suwuny sarp edijiler bilen hasaplaşyklary we hyzmatlary sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan bu Konsepsiýasy 2025-nji ýyla çenli amala aşyrylar.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň ýanynda hasaplaşyk merkezi döredildi, bu ýerde suwy ulanýanlar hakynda maglumatlar, şol sanda salgylar, suwuň sarp edilen görkezijileri, tölegler elektron görnüşinde ýerleşdirildi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary tölegleri öýjükli telefonlar, Internet ýa-da töleg terminallary arkaly geçirip bilerler.

Hormatly Prezidentimiz bazar giňişliginiň globallaşmagynyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň esasy strategik serişde hökmünde maglumatlaryň peýdalanylmagyna esaslanýandygyny belledi. Düzüme goşulan sanly, kompýuter ulgamlary – jemgyýetiň ösüşiniň hem-de halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak usulynyň möhüm şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýetiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň täze sepgitlere çykmaga mümkinçilik berjekdigini, önümçiligiň okgunly ösüşi ähli pudaklaryň işiniň kämilleşdirilmegi, iň gowy dünýä tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikiri we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen üpjün ediljekdigini belledi.

Ähli derejelerdäki döwlet edaralarynyň dolandyryş kuwwatyny we netijeliligini güýçlendirmäge gönükdirilen Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy dürli düzümleriň we jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz Türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, paýtagtymyzda we welaýatlarda suwdan peýdalanmagyň netijeliligini artdyrmak, şol sanda agyz suwuny öndürýän kärhanalaryň durkuny täzelemegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna artdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň