Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň 26-sy ýaş oýlap tapyjylaryň MIYIO — 2019 halkara bäsleşiginde medallara mynasyp boldy

18:4719.04.2019
0
40908

Ýakynda Malaýziýa döwletiniň Kedah şäherinde «MIYIO — 2019» halkara ýaş oýlap tapyjylar» halkara taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşikde Türkmenistan, ABŞ, Malaýziýa, Gyrgyzystan, Täjigistan, Yrak, Indoneziýa, Nigeriýa, Tailand, Filippin ýaly döwletlerden gelen jemi 600-e golaý okuwçy ýedi ugur boýunça bäsleşdi.Türkmenistanly ýokary synp okuwçylary bu abraýly halkara bäsleşikde öz ukyp-başarnygyny açyp görkezdiler. Olaryň bilim derejeleri eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Zehinli ýaşlarymyz bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, 6 altyn, 6 kümüş, 14 sany bürünç — jemi 26 medal gazanyp, ýeňiş bilen dolanyp geldiler - diýip, metbugat.gov.tm saýty türkmen neşirlerine salgylanyp habar berýär.
Bäsleşikde Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýsoltan Rejepowa, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 97-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Hangeldi Atajanow, şol mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Aýjahan Gulhanowa, Jennetgül Nurýagdyýewa, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Öre Suhanow we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Gurbanmyrat Gurbanow üstünlikli çykyş edip, altyn medala mynasyp boldular.
Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Dawud Garryýew, 10-njy synp okuwçysy Baky Uraýew, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sylap Sylapow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Arazmuhammet Ataýew, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kerim Çaryýew, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Orazgeldiýew kümüş medal gazandylar.
Bürünç medala Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Döwran Öwetdiýew, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ýazmyrat Meredow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän, ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Ogultäç Žumadurdyýewa, Güljahan Babajanowa, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Raziýa Ýerimbetowa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 1-nji welaýat mekdebiniň 10 — 11-nji synp okuwçylary Jeren Babanazarowa, Kemal Jemhurow, Mansur Babahanow, Merdan Akmyradow, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Güljemal Akmämmedowa, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän, ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Yhlas Nurgeldiýew, Selbi Ataýewa, Pälwan Çopbanow, Rahmangylyç Annageldiýew mynasyp boldular. 
Bäsleşigiň geçýän günlerinde okuwçylar üçin Malaýziýanyň Kedah şäheriniň gözel ýerlerine, muzeýlere gyzykly gezelençler guraldy. Bu babatda Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň geografiýa mugallymy, topar ýolbaşçysy Çörli Çörliýew şeýle gürrüň berdi:
— Biz daşary ýurtlarda geçirilýän halkara taslama we ders bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşyp, ýokary netije gazanýan zehinli okuwçylarymyza örän buýsanýarys. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Zehinli ýaşlar özlerine bildirilýän ynama jogap edip, okuwlaryny has gowy özleşdirip, halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş edýärler. Elbetde, mekdep okuwçylarymyzyň üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň döwrebap bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň