Soňky habarlar

Arhiw

Ýaý atmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

15:3619.04.2019
0
2742

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilenMilli ýaý atyjylyk federasiýasynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ýaý atmak boýunça  Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşda 2001-nji ýylda doglanlaryň arasynda ýaý atmagyň ýekeleýin görnüşinde 70 metr aralyga klassyky ýaýdan ok atmak boýunça Polat Metdiýew birinji, Selim Hajyýew ikinji, Agajan Gullaşow üçünji orna mynasyp bolmagy başardy - diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

2002 — 2005-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda geçen duşuşyklar ýaryşyň gyzgalaňlylygyny has artdyrdy. Onda ýekeleýin görnüşde 18 metr aralyga klassyky ýaýdan nyşana ok atmak boýunça Wadim Merzlikin, Artýom Wetrow, Döwlet Ataýew öňdäki orunlary eýelemegi başaran bolsalar, 2006-njy ýylda doglan türgenleriň arasynda ýekeleýin görnüşde 12 metr aralyga klassyky ýaýdan ok atmak boýunça ýaryşda Abbas Imamberdiýew birinji, Ezizmuhammet Sähedow ikinji, Anželika Agiýarowa üçünji orny eýelediler. Ýurt birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşda ýaý atmak sportunyň ýekeleýin görnüşinde 18 hem-de 50 metr aralykdan 60 sany oky tegelekli ýaýdan nyşana atmak boýunça geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Georgiý Agiýarow birinji, Şirin Babaýewa ikinji, Aýsoltan Bäşimowa üçünji orna mynasyp boldular.

Milli ýaý atyjylyk federasiýamyzyň türgenleri şu ýylyň 23 — 26-njy aprelinde Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Demka ýaý atyjylyk sport klubunyň açyk kubok ýaryşyna gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň