Soňky habarlar

Arhiw

Amir Gurbani AFK-nyň kubogynda toparyň geçiren goluna ýardam berdi

15:1119.04.2019
0
5183

Şu ýyl türkmen futbolçylary AFK-nyň kubogy ugrundaky yklym ýaryşynda üç döwletiň toparlarynda ýaryşlar. Mälim bolşy ýaly, yklym ýaryşynda biziň ýurdumyzdan "Altyn asyr" çykyş edýän bolsa, milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Gyrgyz Respublikasynyň "Dordoýynda", ýarym goragçy Amir Gurbany bolsa Kamobijiýanyň "Nagaworld" topatynda yklym ýaryşyna gatnaşýar.

"F" toparçada ýaryşýan Kambojiýanyň topary 17-nji aprelde 4-nji tapgyryň çäginde Singapuryň "Tampines Rovers" topary bilen myhmançylykda duşuşdy. 4:2 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlanan duşuşykda "Nagaworldyň" ikinji pökgüsini 90-njy minutda Esoh Paul Omogba geçirdi. Bu geçirilen goluň asisti bolsa türkmenistanly ýarym goragça degişlidir.

"87" belgili köýnekçede esasy düzümde meýdana çykan ildeşimiz hüjümiň çep ganatynda okgunly hereket etmek bilen, tä duşuşyk tamamlanýança toparynyň üstünligi üçin göreşdi. Geçen möwsümde Kambojiýanyň çempiony bolan Amir Gurbanynyň topary häzir yklym ýaryşynyň "F" toparçasynda 3 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. Topar 1-nji maýda Wýetnamyň "Hanoýyny" kabul eder, Mýanmanyň "Ýangon Ýunaýted" topary bilen myhmançylykda duşuşar. Öňdäki duşuşyklaryň ikisini hem ýeňiş bilen tamamlap bilen ýagdaýyna Amir Gurbana we onuň toparyna ýaryşyň indiki tapgyryna çykmaga mümkinçilik dörär.

Amir Gurbanynyň 2017-nji ýylyň netijeleri boýunça Turkmenportalyň okyjylarynyň ses bermeginde "Ýylyň futbolçysy" diýlip saýlanandygyny hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň