Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy

11:1119.04.2019
0
7069

Türkmen paýtagtynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy. Bu çäräni Saud Arabystany Patyşalygynyň Media ministrligi hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.

Şu çäre dürli döredijilik forumlaryna gatnaşmak arkaly medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-saud gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Bu döredijilik forumyny geçirmek üçin Türkmenistana dostlukly ýurduň medeniýet edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary geldiler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň resmi wekiliýeti bilen bolan duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy Mukamlar köşgünde geçirildi. Şu waka mynasybetli bu ýere döredijilik intelligensiýasynyň, giň jemgyýetçiligiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungat ussatlary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary ýygnandylar.

Saud Arabystanynyň wekiliýetiniň dabarada çykyş eden wekilleri netijeli gatnaşyklaryň uly taryhyna eýe bolan iki halkyň baý mirasyna özara gyzyklanmanyň barha ýokarlanýandygyny nygtadylar.

Myhmanlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Medeniýet günleriniň çäklerinde, ilki bilen, dostlukly ýurduň artistleriniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda konserti boldy. Onuň maksatnamasyny halk aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary düzdi. Olar halk sazlaryny we aýdymlaryny hödürlediler.

Artistleriň köpöwüşginli milli lybaslary we gadymy saz gurallarynyň özboluşly owazy çykyşlara aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary öz halkynyň folklor däplerini nesilden-nesle geçirýän myhmanlaryň ýokary sungat ussatlygyna berlen baha boldy.

Saud Arabystanynyň Medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda, Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň hem-de milli arap lybaslarynyň sergisi, şeýle hem dostlukly ýurduň surat sergisi guralar. Aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna däp bolan lybaslar we matalar, dekoratiw önümler, dürli sowgatlyk önümleri hem-de arap ussalarynyň işleriniň beýleki görnüşleri görkeziler. Şol ýerde Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygy geçiriler, Çeperçilik akademiýasynyň talyplary üçin ussatlyk sapagy guralar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda iki ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti we Türkmenistan bilen Arap ýarym adasynyň arasynda gatnaşyklar barada Saud Arabystany Patyşalygynyň alymlarynyň çykyşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde folklor we aýdym-saz toparlarynyň çykyşy geçiriler.

Myhmanlary türkmen paýtagtynyň muzeý gymmatlyklary we ajaýyp ýerleri, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň artistleriniň Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda çykyşyny guramak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň