Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: 20-nji aprelde 6-njy tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler

10:5419.04.2019
0
5222

Ertir ― 20-nji martda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 6-njy tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler. Tapgyryň ilkinji gününde «Nebitçi» «Aşgabady», «Ahal» «Merwi», «Energetik» «Şagadamy» kabul eder. Tapgyr 21-nji apreldäki «Altyn asyr» ― «Köpetdag» duşuşygy bilen tamamlanar.

 

20.04.2019 (şenbe)

“Nebitçi” – “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Garşydaşlaryň ikisi hem 5-nji tapgyry şowsuz tamamlady. Bu gezek, elbetde, olar ýeňiş üçin göreşer. Duşuşyk deňlikde tamamlansa, onda iki topar hem möwsümdäki ilkinji deňligi bilen ýüzbe-ýüz bolar. Eger «Aşgabat» ýeňiş gazansa, bu ýeňiş paýtagtyň adybir toparynyň Ýokary ligadaky 180-nji üstünligi bolar.

 

 “Ahal” – “Merw”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:30

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Jumaýew (Aşgabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Ýokary liganyň 27-nji möwsümine juda üstünlikli başlan Röwşen Meredowyň şägirtleri 15-nji utugyň ugrunda. «Merw» bolsa möwsümde geçiren dört duşuşygynda bary-ýogy 3 utuk toplap bildi. Entek iki topar hem möwsümde deňme-deň oýnap görenok. Ýöne bu duşuşyk deňlikde tamamlansa, onda «Merw» Ýokary ligadaky 150-nji deňligini gazanar. Ýeri gelende aýtsak, «Merw» çempionatymyzda duşuşyklarynda deňlik hasap iň kän bolan topardyr.

 

“Energetik” – “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 17:15

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Saparow (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Gürrüňsiz, tapgyryň iň gyzykly duşuşyklarynyň biri bolsa gerek. Häzirki hasap boýunça, «Şagadam» ikinji, «Energetik» üçünji orunda. Aralaryndaky utuk tapawudy bolsa bary-ýogy 1 utuk. Eger «Şagadam» öz meýdanynda ýeňiş gazansa, möwsümde 10 utuklyk sepgide ýeten ikinji topar bolar.

 

21.04.2019 (ýekşenbe)

“Altyn Asyr” – “Köpetdag”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Bassyr üç duşuşykda şol bir hasap (1:1) bilen deňme-deňlikden halas bolup bilmeýän çempion bu gezek ýeňşe we 3 utuga mätäç. Çünki onuň esasy garşydaşy «Ahal» utuk babatynda çempiondan 3 esse öňde.

Şu duşuşyk «Köpetdagyň» Ýokary ligadaky 540-njy ― ýubileý duşuşygy bolar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň