Soňky habarlar

Arhiw

Şeriddin Boboýew: "Deňlik hem erbet netije däl"

14:2218.04.2019
0
6046

Täjigistanyň «Istiklol» futbol toparynyň 19 ýaşly hüjümçisi Şeriddin Boboýew «Altyn asyr» bilen geçirilen duşuşyk baradaky pikirlerini beýän etdi. Mälim bolşy ýaly, ol bu duşuşykdaky ilkinji goluň awtorydyr:

«Elbetde, ýeňiş gazanmak isledik, ýöne başarmadyk. Her niçigem bolsa, deňlikden soň bir utuk gazandyk, bu-da erbet netije däl. Biz häzir toparçada birinji orunda, şeýle-de dowam ederis diýip, umyt edýäris. Myhmançylykdaky duşuşykda toparymyň adyndan tapawutlanyp bilmek, toparyma kömek edip bilmek maňa iň gowy duýgulary bagyşlaýar. Umuman, biz netijeden örän hoşal. Mende duşuşygyň dowamynda tapawutlanmaga ýene bir mümkinçilik döredi, ýöne sähelçe dürslük ýetmedi. Indiki duşuşygymyz Duşenbede bolar, güýçli taýýarlanarys» diýip, hüjümçi Turkmenportala beren interwýusynda aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň