Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary futbol ýaryşyna gatnaşdylar

12:0818.04.2019
0
4550

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda futbol boýunça ýaryş geçirdi. Ýaryş her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy hem-de 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy.

Talyplar bäsleşigine Türkiýäniň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň ýüzden gowragy gatnaşdy. Oňa gatnaşyjylar 12 topara bölünip, olaryň arasyndaky ýeňiji bolmak ugrundaky duşuşyklar çekeleişili geçdi.

Ýaryşyň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlary eýelänlere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýaryşa gatnaşanlar we myhmanlar üçin sahawatly desterhan ýazylyp, ony milli tagamlar bezedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň